HORJUN un öndürýän kärhanasy önümçiligiň ähli tapgyrlaryny çuň özleşdirip, hil gözegçiligini doly derejede berjaý edýär. Brendler üçin taýýarlanylýan unlarda, aýratyn çemeleşilip baha we hil aýratynlygyna laýyk gelmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda HORJUN H.J. şu aşakdaky brendleriň öndürijisi bolup durýar:
HORJUN – 2 dürli hilde ýagny birinji we ýokary hilde öndürilip, bu undan köp görnüşli çörek önümleri taýýarlamak üçin ulanmak bolar.
PREMIUM – konditer önümleri taýýarlaýanlara, reňkiniň has ak bolmagyny we gowy çişip bişirmägini talap edýän ulanyjylary kanagatlandyrjak ekstra hilli un bolup, esasan, has inçe nepislik bilen ýerine ýetirilýän önümleri taýýarlamakda ulanylýar.
GRANDUN – saýlama hilli un bolup, ondan ýugrulan hamyr aňsat ýaýylyp; naharlary, konditer-tort, çörek we ş.m. önümleri ýeňillik bilen taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
ELEK – birinji we ýokary hilli görnüşinde hödürlenýär. Esasan, çörek önümleri taýýarlamakda ulanylýar.