Kärhanamyz Türkiýe döwletinde öndürilen ALAPALA markaly häzirkizaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Güniň dowamynda 100 tonnadan gowrak bugdaýy üwemek kuwwatyna eýe. Öz çäginde ulag we demir ýol terezileriniň bolmagy, bugdaýyň ýük ulaglary we wagonlar arkaly kabul edilmegini üpjün edýär.
Önümlerimiziň hili biziň üçin esasy orun tutýar. Biziň unymyz halkara ülňülerine laýyklykda öndürilýär we laboratoriýa gözegçiliginden doly geçirilýär. Häzirki zaman degirmen toplumlary we innowasion tehnologiýalary ulanylýandygy sebäpli önümlerimiz öz peýdaly häsiýetlerini, iýmit gymmatlyklaryny we ýokary hilli çörek we çörek önümlerini bişiriş aýratynlyklaryny saklaýar.
Biz hil gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyryp, dänäniň belok, glýuten, çyglylyk we beýleki möhüm görkezijilerini yzygiderli barlaýarys. Bu çäreleriň netijesinde biz ýylyň ähli paslynda we ösümlikleriň ösdürilip ýetişdiriliş şertlerine garamazdan, unumyzyň hiliniň durnuklylygyny kepillendirýäris.