Horjun hojalyk jemgyýeti 2023-nji ýyldan öz haryt nyşany bilen Türkmenistanyň içerki bazaryna önümleri hödürlap başlady. Hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlary netijesinde söwda ulgamy giň gerime eýe bolýar. Daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ýerini tutýan ýerli önümlerimiziň öz ýurdumyzda öndürilmegi türkmen döwletini has-da buýsandyrýar.
Biziň kärhanamyz ýaş un öndüriji bolmagyna garamazdan, hil aýratynlygyna laýyklykda birnäçe dürli hilli bugdaý ununy öndürmäge ýöriteleşen. Biz ýokary hilli un öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolup, önümlerimiz azyk senagatynyň iň soňky talaplaryna laýyk gelýär.
Önümçilik işimize başlanymyzdan bäri biz uny iň ýokary hilli öndürmegi özümize maksat edindik. Munuň üçin döwrebap tehnologiýalary we täze döwrebap usullary ulanýarys. Önümçilik prosesi berk hil gözegçiligine esaslanýar – çig mal saýlamagyň ilkinji tapgyryndan başlap, taýýar önümi gaplamaga çenli ähli basgançaklarda berk gözegçilik geçirilýär. Biziň ulanýan dänelerimiz aýratyn saýlanyp, howpsuzlyk we ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär.
2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Gazagystan respublikasynyň Astana şäherinde halkara “KAZAKH GRAIN & LOGISTICS FORUM” çäresi geçirildi we biziň bu foruma myhman bolup gatnaşmagymyz täze döwrebap çözgütleri tapmaga, öz işlerimizde has-da öňe gitmäge itergi berdi. Kärdeşlerimiz bilen geçen mazmunly söhbetdeşlikler ikitaraplaýyn bähbitli geçdi.
Iki gün dowam eden bu forum birinji gününde däneli önümleriň, bugdaýyň söwdasy, import-eksporty, makroekonomiki we geosyýasy taraplary bilen bagly çykyşlar edildi. Ikinji gün bolsa esasy mesele, ýagny bugdaýyň logistika meseleleri barada giňden düşündirişli çykyşlar edildi. Däneli önümleri daşamagyň häzirki wagtdaky talaplary, geljekdäki mümkinçilikleri bilen baglanşykly sorag-jogaply sessiýalar netijeli boldy.